Türkmen halkynyň Mill Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew penşenbe güni Aşgabatda gazak şahyry, akyldary we kompozitory Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärligini açdylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özüniň çykyşynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çözgüdi barada habar berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu medaly dabaraly ýagdaýda gazak Liderine gowşurdy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana resmi sapary Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyň geçirilmegi bilen başlandy. Gazagystanyň Prezidenti mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň goşan uly goşandyny belledi.
Kasym-Žomart Tokaýewiň nygtamagyna görä, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldamak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde, gazak Liderini mübärekläp, saparyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda, syýasy, söwda-ykdysady we medeni meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, Gazagystanyň prezidenti Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýadygärligine gül dessesini goýdy
Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň bu sapary 11-nji oktýabrda Aşgabatda şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmagyna gabat geldi.
Surat: akorda.kz