Egeý kenarynyň welosipedli gezelenç ugurlary: gadymy şäherlerden owadan kenarlara çenli

Egeý kenarynyň welosipedli gezelenç ugurlary: gadymy şäherlerden owadan kenarlara çenli
Egeý kenarynyň welosipedli gezelenç ugurlary, Türkiýe

Pöwrize kenary hökmünde giňden tanalýan Türkiýäniň Egeý sebiti welosiepli gezelençleri söýýänler üçin iň gowy ýerdir. Bu ýerde taýýarlygyň ähli derejesi üçin dürli görnüşli ugurlar, şol sanda owadan kenarýakalar, haýran galdyryjy gözel görnüşler we taryhy ýerler hödürlenilýär. Bu sebit Egeý aşhanasy we ýerli çakyrlary bilen hem göwnüňi göterýär. Welosipedli gezelenç edýänler bolsa dynç almak üçin amatly şertlere, şol sanda welosipedleri goýmak üçin howpsuz bolan we olaryň eýelerine hyzmatlary hödürleýän myhmanhanalara bil baglap bilerler. Welosipediňi taýýarla we bu ajaýyp sebitiň gözelliklerini görmäge ýola düş! Şu ýerde biz welosipedli gezelençler üçin meşhur ugurlar barada gürrüň ederis.

Taryhy we tebigy gurşawly ugurlar: EuroVelo 8

“EuroVelo” toruna girizilen Türkiýäniň ilkinji welosipedli gezelenç ýoly bolan, Ortaýer deňiz ugry ady bilen hem giňden tanalýan “EuroVelo 8” ugrudyr. 5900 kilometre uzaýan bu ugur 11 ýurduň çäginden geçip, şonuň 500-e golaý kilometri Izmiriň üstünden geçýär. Dikili portundan başlanýan ýol gadymy Pergamon şäherine ýetip, Izmiriň guşly goraghanasy, Alsanžak we Alaçaty ýaly gözel ýerleriň üstünden geçip, Efes diýen ýerde tamamlanýar. Welosipedçiler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna giren iki desga – Pergamona we Efese gezelenç edip, deňiz kenarynyň ajaýyp görnüşlerinden we ýerli çakyrlardan lezzet alyp bilerler.

Belentligi boýun egdirmek: Marmarisiň daglyk welosiped ugurlary

Mugla sebitindäki Marmarisiň daglyk ýollary belentlige çykmagy gowy görýänler üçin çylşyrymly welosipedli gezelençler üçin amatly şertleri hödürleýär. Bu ugurlar welosipedde birden belentlige çykmagy we birden hem aşak düşmegi halaýanlar üçindir. Mysal üçin Marmaris-Çamlybel-Bökbel ugry arassa howadan we ajaýyplygyny ýitirmedik baýyrlyklaryň gözelliklerinden lezzet almaga mümkinçilik berýär. Sebitdäki iň çylyşyrymly ugur bolan Selimiýe-Orhaniýe-Baýyr ýolunda welosipedçiler 58 kilometr uzaklygyň dowamynda 1285 metr belentlige galýarlar.

Eko-ýodasyny yzlap: Köýjegiz-Ortoja-Dalaman

Köýjegiz, Ortoja we Dalaman etraplary Dalýanyň syýahatçylyk we daşky gurşawy goramak birleşigi tarapyndan döredilen ajaýyp eko-ýodalary hödürleýär. Bu ugurlar Köýjegizdäki 5, Ortojadaky 4 we Dalamandaky 5 ýoly özüne birleşdirýär. Gyzyl reňkli görkeziji bellikler bellenen eko-ýodalaryň her biri 30 kilometr töweregi bolup, islegleriňize we taýýarlyk derejäňize laýyk ugry saýlamaga mümkinçilik berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022