Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherindäki Türkmenistanyň konsuly Myrat Özbekbaýew işewürlik gatnaşyklary berkitmek, Saar federal ýer çäginiň 50 müňe golaý kompaniýany özünde jemleýän we türkmen işewürlik toparlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän Söwda-senagat palatasy bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen bu sebitde saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherindäki konsullygy habar berýär.
M.Özbekbaýewiň palatanyň müdiriýetiniň agzasy Oliwer Şmitt we daşary söwda bölüminiň ýolbaşçysy Oliwer Groll bilen duşuşygy boldy. Olar Türkmenistanyň we Germaniýanyň Saar sebitiniň söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de işewür wekilleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Saar sebitiniň kompaniýalarynyň Türkmenistanda we onuň guramagynda daşary döwletlerde geçirilýän söwda-ykdysady çärelere gatnaşmak meseleleri hem maslahatyň esasy ugurlaryyň hataryna girizildi.
Şeýle hem M.Özbekbaýew sebitara gatnaşyklaryny we energetika, maşyngurluşygy, derman senagaty hem-de ýokary tehnologiýalar ýaly türkmen-german hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşmak üçin ýewropa işleri boýunça döwlet sekretary Dawid Lindeman bilen duşuşyk geçirdi. Onda özara saparlary we bilelikde ykdysady çäreleri guramagyň zerurdygy bellenildi.
M.Özbekbaýew atçylyk sporty ulgamynda ahalteke atlarynyň halkara bäsleşiklere gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmek we maslahatlaşmak maksady bilen “Jacob Pferdezucht GbR” atçylyk kärhanasynyň direktory we atşynasy Katrina Ýakob bilen hem duşuşdy.
Duşuşyklaryň dowamynda türkmen diplomaty Germaniýanyň Saar sebitiniň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli öňde boljak möhüm ähmiýetli çäreler barada gürrüň berdi we öz ýurdunyň ählumumy hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny nygtady.