Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Saglyk ýolundan Aşgabadyň merkezine çenli welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatlar, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, okuwçylar, talyplar we sport türgenleri gatnaşdylar.
Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň barşynda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Wise-premýer Taňryguly Atahallyýewe ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýaşyl zolaklaryň çägini giňeltmäge gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi alyp barmak boýunça tabşyryklary berdi. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowa bolsa Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek boýunça ulgamlaýyn işleriň geçirilişini üpjün etmek tabşyryldy.
Dabara Aşgabadyň merkezindäki Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Onuň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany ähli gatnaşyjylara berk jan saglyk we mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişler Türkmenistanyň Arkadag şäherinde we beýleki sebitlerinde hem geçirildi. 1 – 7-nji aprel aralygynda dowam eden Saglyk hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň ähli künjeginde jemgyýetçilik saglygyny berkitmäge gönükdirilen mowzuklaýyn maslahatlar, sergiler, okuwlar we medeni çäreler geçirildi.