Türkmenistan we Monako saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

Türkmenistan we Monako saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
Oguljahan Atabaýewanyň Alber II bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň apreli, Monako Knýazlygy (Surat: TDH)

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Monako Knýazlygynda iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. 

Monakonyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar durnukly ösüş we durmuş ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar. Halkara formatlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek we ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. 

Monakonyň Şazadasy Alber II bilen geçirilen duşuşygyň barşynda halklaryň arasynda parahatçylygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sport we medeni ulgamlardaky özara tejribe alyşmalaryň ähmiýetli orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmäge umumy gyzyklanmalaryny mälim etdiler. 

Bellenilişi ýaly, dünýäniň syýahatçylyk ulgamynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmalary barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, Monakonyň syýahatçylygy we medeniýeti ösdürmek ulgamynda toplan tejribesi özara bähbitli tejribe alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin möhüm meýdança bolup biler. 

2021-nji ýylda döredilen Haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş düzümde iş alyp barýan halkara guramalar bilen hyzmataşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Işläp başlan döwründen bäri gazna dürli ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara ynsanperwer kömekleri berdi hem-de Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalaryň bejerilmegini üpjün etdi. 

Surat: TDH

2022