Türkiýäniň Trabzon sebitine bolan tanyşdyryş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hristian dünýäsiniň iň keramatly ýerleriniň biri bolan, Wizantiýa döwrüniň binagärliginiň görnükli ýadygärligi Sumela ybadathanasyna baryp gördüler.
Türkmen wekiliýetiniň hatarynda “Biznes Türkmenistan”, “Türkmenportal”, “Orient”, “News Central Asia”, “Atawatan Türkmenistan” internet neşirleriniň, “Medeniýet we Syýahat” žurnalynyň hem-de “Türkmenistan TV4” teleýaýlymynyň wekilleri bar.
IV asyrda gurlan Sumela ybadathanasy deňiz derejesinden 1200 metre golaý belentlikde, ajaýyp Altyndepe jülgesiniň kert gaýasynda ýerleşýär. Toplumyň täsin ýerde ýerleşmegi we dag gaýasynda gurlan ýaly görünýän binagärlik keşbi ony bu sebitde iň bir gelim-gidimli ýere öwürýär. Türkmen žurnalistleri Keramatly Mariýa ybadathanasyny, dindarlaryň ybadat edýän, ýaşaýan we naharlanýan ýerlerini, kitaphanany, suw desgalaryny hem-de gaýa desgasynyň diwarlaryna we petiklerine çekilen şekilleri synladylar.
Syýahata gatnaşyjylar ybadathananyň taryhy, Wizantiýa döwrüniň ruhy we medeni durmuşyndaky orny hem-de desgany rejelemek we gorap saklamak boýunça geçirilýän işler barada tanyş boldular. Ýolgörkezijiler bu ýeriň prawoslaw hristianlary üçin dini ähmiýeti, XX asyra çenli ýüzýyllyklaryň dowamynda eden hyzmaty, ybadathanany medeni we syýahatçylyk merkezine öwürmek boýunça häzirki döwürde durmuşa geçirilýän tagallalar barada gürrüň berdiler.
Sumela bolan gezelençden soň, žurnalistler Trabzon sebitiniň taryhy künjeginde ýerleşýän Zenanlar ybadathanasyna baryp gördüler we onuň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Türkmen žurnalistlerinden ybarat wekiliýet şeýle hem Trabzondaky Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürküň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly taryhy we kaşaň öý – Atatürk köşgüne gezelenç etdiler.