Türkmen žurnalistleri Rizedäki Ayder atly ýere aýlandylar

Türkmen žurnalistleri Rizedäki Ayder atly ýere aýlandylar
Ayder Hatırası, Rize, Türkiýe

Türkmen žurnalistlerinden ybarat wekiliýet Türkiýäniň Rize sebitine tanyşdyryş saparyny amala aşyrdylar. Ayder atly gözel ýerde gezelençde bolmak maksatnamada göz öňünde tutulan esasy ýerleriň biri boldy. Bu täsin syýahatçylyk desgasy ýaşyl dag çemenlikleri, bejeriş häsýetli, ýyly suwly çeşmeleri we Türkiýäniň Gara deňiz sebitiniň däp bolan binagärlikleri bilen tanalýan belent dagly Aýder sebitinde ýerleşýär.

 Ayder diňe bir tebigy gözellikleri däl, eýsem, medeni ähmiýetli ýerleri özünde jemleýär. Bu ýerde taryhy ýadygärlikleriň gözellikleri we ekologiýa syýahatçylygynyň ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar. Türkmen žurnalistleri sebitiň gadymy ýadygärliklerini gorap saklamak bilen durnukly syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen ýerli desgalary jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik aldylar.

Türkmen media wekiliýetiniň hatarynda “Biznes Türkmenistan”, “Türkmenportal”, “Orient”, “News Central Asia”, “Atawatan Türkmenistan” ýaly öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, “Medeniýet we Syýahat” žurnalynyň hem-de “Türkmenistan TV4” teleýaýlymynyň wekilleri bar.

Durnukly we howpsuz şäher giňişliginiň nusgasy hökmünde taslamalaşdyrylan “Kendini Koruyan Mahalle” atly  ýaşaýyş toplumyna gezelenç hem saparyň maksatnamasyna girizildi.
 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022