Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammiti, 2025-nji ýylyň 4-nji iýuly, Hankendi, Azerbaýjan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 17-nji sammitine gatnaşdy. Türkmen tarapy energiýa çeşmeleriniň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek we sebitiň energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen YHG-na agza ýurtlaryň energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak boýunça mehanizmi döretmek mümkinçiligine garamak teklibi bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Raşid Meredow öz çykyşynda 2035-nji ýyla çenli YHG-na agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny kesgitlemäge niýetlenen täze maksatnama resminamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini aýratyn belledi. Ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek, eksport ugurlarynyň artdyrylmagy, “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegi, söwda päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagy, sanlylaşdyrma we maýa goýumlarynyň çekilmegi esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem türkmen diplomaty Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. Munuň çäklerinde söwda-senagat edaralary arkaly işewür gatnaşyklaryny höweslendirmek, medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlary giňeltmek ýaly ugurlar durnukly integrasiýanyň esasy binýady hökmünde görkezildi.

Sammitiň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar bu çäräniň sebit ýurtlarynyň özara peýda esasynda ýakynlaşmagyna hem-de çemeleşmeleriň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen möhüm meýdança hökmünde çykyş edendigini nygtadylar.

Şeýle-de Raşid Meredow 4-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň adyndan YHG-niň 17-nji sammitine gatnaşan döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň hem-de wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň hormatyna Şuşa şäherinde guralan resmi agşama gatnaşdy.

Suratlar: Türkmenistanyň DIM-i / Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat Gullugy

2022