MA Liderleri we Antoniu Guterriş Awazada Milli pawilýon günine gatnaşdylar

MA Liderleri we Antoniu Guterriş Awazada Milli pawilýon günine gatnaşdylar
Gurbanguly Berdimuhamedow, Merkezi Aziýanyň döwlet ýolbaşçylary we BMG-niň Baş sekretary, 2025-nji ýylyň 5-nji awgusty, Awaza, Türkmenistan (Surat: Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugy)

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň milli pawilýonynyň güni geçirildi. 

Çärä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşdylar.

Milli günleriň çäresi sebit halklarynyň baý medeni mirasyny görkezmek, dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen guraldy. Bu barada Özbegistan Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Milli pawilýonlarda däp-dessurlaryň, hünärmençiligiň, medeniýet, sungat we syýahatçylyk ulgamlarynda häzirki zaman gazananlaryň sergileri görkezildi. Myhmanlaryň aýratyn ünsüni tagamly naharlar we aşpezçilik sapaklary özüne çekdi.

Bu waka sebitiň medeni dürliçiliginiň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň, Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk giňişligindäki orny barada oňyn keşbiň döremegine goşant goşýan nobatdaky subutnamasy boldy.

Surat: Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugy

2022