Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34-nji ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriň sergisi penşenbe güni Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde öz işine başlady.
Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylary gutlady. “Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.” diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Sergä Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de daşary ýurt kompaniýalary gatnaşar.
Çärede milli senagat, oba hojalyk, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm pudaklarda gazanylan häzirki zaman üstünlikler giňden görkeziler.
Garaşsyzlygyň 34-nji ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 20-nji sentýabra çenli dowam eder.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


