Türkmen dizaýneri Göwher Guwerne-Pirkuliýewa Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde 4–8-nji fewral aralygynda geçirilýän “Oriental Fashion Show” çäresiniň çäklerinde fransuz dizaýneri Klod Patrik bilen bilelikde traýýarlan lybaslar toplumyny tanyşdyrdy. Bu barada çäräniň resmi sosial ulgamlarynda habar berilýär.
Bilelikde taýýarlanylan lybaslar toplumy türkmenleriň däp bolan dokma mirasynyň elementlerini ýewropa modasynyň häzirki zaman çemeleşmeleri bilen utgaşdyryldy. Moda görkezilişi dürli ýurtlaryň we medeniýetleriň dizaýnerleriniň arasynda dialogy ösdürmäge gönükdirilen “Oriental Fashion Show” çäresiniň halkara maksatnamasynyň bir bölegi boldy.
Göwher Guwerne-Pirkuliýewa milli äheňleriň häzirki zaman estetikasyna sazlaşykly utgaşdyrylýan işleri bilen tanalýar. Dizaýneriň hünär tejribesi Parižde we Sankt-Peterburgda okamak we işlemek, şeýle hem halkara taslamalara gatnaşmak ýaly ugurlary öz içine alýar.
Fransuz dizaýneri Klod Patrik hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýönekeý şekillere we döwrebap siluetlere aýratyn üns berdi. Bu bolsa dizaýnerlere sazlaşykly lybaslar toplumyny döretmäge giň mümkinçilik berdi.
“Oriental Fashion Show” 2004-nji ýylda esaslandyrylan we 50 ýurtdan ýüzden gowrak dizaýneri tanadan halkara çäresi bolup durýar. Häzirki wagtda bu çäre moda ulgamynda medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmegi yzygiderli dowam etdirýär.














