Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde “SelectUSA” Investment Summit 2026” maýa goýum sammitine gatnaşýarlar hem-de amerikan kompaniýalary we maýadarlar bilen gepleşikler geçirýärler. Çärä Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew hem gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Sammitiň maksatnamasy plenar mejlisleri, sergi meýdançasyny hem-de maýa goýum ugurlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary, senagat we sebit ösüşi bilen bagly hünärmenleriň maslahatlaryny öz içine alýar.
Türkmen wekiliýetiniň bu sammite gatnaşmagy Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ýardam berýär.
“SelectUSA” Investment Summit” ABŞ-da göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilýän esasy ýyllyk çäreleriň biri bolup durýar. ABŞ-nyň Söwda ministrligi tarapyndan guralýan forum halkara maýadarlary, işewürlik jemgyýetçiligini we degişli guramalary bir ýere jemläp, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de amerikan bazarynda täze taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýär.













