“Korea Import Expo” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony öz işine başlady

“Korea Import Expo” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony öz işine başlady
“Korea Import Expo 2026” sergisiniň açylyş dabarasy, 2026-njy ýylyň 23-nji iýuny, Seul, Koreýa (Surat: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň milli pawilýony 23-nji iýunda Seuldaky COEX sergi merkezinde açylan “Korea Import Expo 2026” halkara import önümleri sergisinde öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berdi.

Serginiň açylyş dabarasyna Koreýanyň Importçylar assosiasiýasynyň (KOIMA) başlygy Ýun Ýon Mi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) başlygy Ýun Jin Sik, Milli Assambleýanyň agzalary, döwlet edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň pawilýonynda milli el işleri, dokma önümleri, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kompaniýasynyň öndürýän çaga iýmitleri, şeýle hem türkmen kärhanalarynyň öndürýän öý hojalyk himiýasy, ýuwujy serişdeler we beýleki sarp ediş harytlary sergilenýär.

 “Korea Import Expo 2026” sergisine dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan azyk we sarp ediş harytlaryny öndürijiler gatnaşýar. Sergi 25-nji iýuna çenli öz işini dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС