TDHÇMB-niň wekiliýeti Türkiyäniň Polatly haryt biržasynyň işi bilen tanyşdy

TDHÇMB-niň wekiliýeti Türkiyäniň Polatly haryt biržasynyň işi bilen tanyşdy
TDHÇMB-niň wekilýeti Türkiyäniň Polatly haryt biržasynda (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekiliýeti penşenbe güni Türkiýäniň Polatly haryt biržasyna baryp, bu ýerde oba hojalyk önümleriniň elektron söwdasy, barlaghana hyzmatlary we ammarlarda saklanyş ulgamy boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berýär.

Türkiýäniň Polatly haryt biržasy bugdaý, arpa we beýleki däne ekinleriniň elektron söwdasyny geçirmek üçin akkreditlenen ilkinji haryt biržasydyr. 1984-nji ýylda döredilen birža öz barlaghanasyna we ammarlaryň infrastrukturasyna eýe bolup, ol söwda amallarynyň aç-açanlygyny hem-de sebitiň agrar bazarynyň ýagdaýyna gözegçiligi üpjün edýär.

Polatly haryt biržasyna amala aşyrylan bu sapar TDHÇMB-niň wekiliýetiniň 22–23-nji iýulda Ankara iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine TDHÇMB-niň başlygynyň orunbasary Ýusup Amansaryýew we Hukuk üpjünçiligi we işgärler müdirliginiň başlygynyň orunbasary Azat Jelilow girýär.

Mundan ozal, çarşenbe güni TDHÇMB-niň wekilleri Türkiýäniň Söwda-senagat edaralary we haryt biržalary birleşiginiň (TOBB) prezidenti M. Rifat Hisarjyklyogly, şeýle hem TOBB-niň Baş sekretarynyň orunbasary Mustafa Baýburtly bilen duşuşyklary geçirdiler. Taraplar Türkmenistanyň we Türkiýäniň birža guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022