Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş baýramynyň 104 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş baýramynyň 104 ýyllygy bellenildi
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebeji Aşgabat şäherinde Türkiýäniň Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen kabul edişlikde, 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty, (Surat: BT)

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkiýäniň ilçisiniň rezidensiýasynda duşenbe güni Türkiýäniň Ýeňiş baýramynyň 104 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkiýäniň harby attaşesi myhmanlary mübärekläp, olary Ýeňiş baýramy we Türkiýäniň Ýaragly Güýçleriniň güni bilen gutlady.

Şeýle hem Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebeji myhmanlara çärä gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol ýakynda Türkmenistanda diplomatik işine başlandygyny aýdyp, ýurtda ilkinji kabul edişligini geçirmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ilçi Ýeňiş baýramy mynasybetli Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag ýüzlenmesini okady.

Gutlag ýüzlenmesinde Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň raýatlaryny, Kipr türk halkyny we dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan raýatlaryny Beýik Ýeňşiň 104-nji ýyllygy bilen gutlady. Ol bu ýeňşiň Türkiýe Respublikasynyň döredilmegindäki taryhy ähmiýetini belläp, 104 ýyl mundan ozal türk halkynyň görkezen tutanýerliliginiň, batyrlygynyň we erjelliginiň häzirki wagtda hem ýurt üçin möhüm höweslendirme çeşmesi bolup galýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow çärä gatnaşyjylary Türkiýäniň Ýeňiş baýramy, Şener Jebejini bolsa Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. Ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly we strategik häsiýete eýedigini belläp, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini hem-de özara söwda dolanyşygynyň artýandygyny aýtdy. Şeýle hem ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi.

Türkiýäniň Ýeňiş baýramy her ýylyň 30-njy awgustynda bellenilip, bu baýram 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda gazanylan we Türkiýe Respublikasynyň döredilmegine ýol açan Beýik Ýeňşe bagyşlanýar. Şol gün Türkiýäniň Ýaragly Güýçleriniň güni hökmünde hem bellenilýär.

2022
ENG TM РУС