“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2026) atly halkara maslahata we sergä gatnaşjak 65 ýurtdan 1 300-den gowrak wekil hasaba alyndy. Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek çärä gatnaşmak üçin hasaba alyş möhleti 15-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Bu barada çäräniň bilelikde guramaçysy bolan “Turkmen Energy Forum” (TEF) habar berýär.
Malaýziýanyň Nebitgaz serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen bilelikde guralýan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýonynyň açylmagy “OGT 2026”-nyň esasy wakalarynyň biri bolar. Çärä nebitgaz hyzmatlary, inženerçilik, deňiz işleri, enjamlar bilen üpjünçilik we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda işleýän 20-den gowrak malaýziýaly kompaniýanyň gatnaşmagyna, Malaýziýanyň wekiliýetine bolsa Hajy Akmal Nasrulla bin Mohd Nasiriň ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar.
Guramaçylar Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygyna bagyşlanan “tegelek stol” duşuşygyny geçirmek mümkinçiligini hem göz öňünde tutýarlar. Duşuşykda enjamlar bilen üpjünçilik, tehnologiýalaryň geçirilmegi, inženerçilik hyzmatlary, hünärmenleri taýýarlamak we senagat hyzmatdaşlygy ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy teklip edilýär. Duşuşygyň Malaýziýanyň kompaniýalarynyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň tehniki hünärmenleri hem-de satyn alyş bölümleriniň wekilleri bilen göni aragatnaşygyny ýola goýmagyna ýardam etmegine garaşylýar.
“OGT 2026” maslahatynyň gün tertibine “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy, Hazar deňzinde gözleg işleri, gazy gaýtadan işlemek we nebitgazhimiýa pudaklary bilen bagly maýa goýum mümkinçilikleri giriziler. Şeýle hem daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin B2B we B2G görnüşindäki işewür duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulyp, sergide nebitgaz pudagy üçin niýetlenen tehnologiýalar, enjamlar we hyzmatlar görkeziler.
2025-nji ýylda geçirilen halkara forum 70-den gowrak ýurtdan 1 400-den köp wekili bir ýere jemledi. “OGT 2026” forumyna gatnaşmak üçin hasaba alyş 15-nji oktýabra çenli dowam eder. Giňişleýin maglumat çäräniň resmi web sahypasynda elýeterlidir.













