Türkmen žurnalistleri Türkiýede Çanakkale söweşleriniň taryhy ýadygärliklerine baryp gördüler

Türkmen žurnalistleri Türkiýede Çanakkale söweşleriniň taryhy ýadygärliklerine baryp gördüler
Türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Çanakkale söweşleriniň taryhy ýadygärlikler toplumynda, 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabry (Surat: BT)

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkiýäniň Çanakkale welaýatyna guralan saparynyň dördünji gününde Geliboli taryhy zolagynda bolup, Çanakkale söweşleri bilen baglanyşykly muzeýlere, meýdan hassahanasynyň sergi meýdançasyna, şehitliklere we ýadygärliklere baryp gördüler.

Saparyň dowamynda wekiliýetiň baryp gören ýerleriniň biri Alçıtepe 1915 Siper ve Hilal-i Ahmer Hastanesi Canlandırma Alanı boldy. Bu ýerde 1915-nji ýylda Çanakkale söweşleri wagtynda ulanylan gorag çukurlary we ýaraly esgerlere lukmançylyk kömeginiň berlen meýdan hassahanasynyň işi görkezilýär. Sergi meýdançasynda lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we beýleki saglygy goraýyş işgärleriniň şol döwürdäki işini şekillendirýän mum heýkeller hem ýerleşdirilendir.

Şeýle hem türkmen žurnalistleri saparyň dowamynda Çanakkale söweşlerine bagyşlanan muzeýler we taryhy desgalar bilen hem tanyşdylar. Bu ýerlerde görkezilýän taryhy maglumatlar, söweş esbaplary we dikeldilen harby meýdançalar Çanakkale söweşleriniň gidişi, esgerleriň durmuş şertleri hem-de şol döwürde başdan geçirilen wakalar barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Wekiliýet Çanakkale Şehitler Abidesine hem baryp gördi. Geliboli ýarymadasynda ýerleşýän bu ýadygärlik Çanakkale söweşlerinde şehit bolan türk esgerleriniň hatyrasyna gurlupdyr. Ýadygärlik toplumy söweşde wepat bolanlaryň hatyrasyny ebedileşdirmek bilen birlikde, Türkiýäniň taryhynda möhüm orun eýeleýän wakalary ýatladýar.

Saparyň dowamynda türkmen žurnalistleri Geliboli taryhy zolagyndaky şehitlikler we beýleki ýadygärlikler bilen hem tanyşdylar. Bu ýerler Çanakkale söweşleriniň taryhyny öwrenmekde, söweşde wepat bolan esgerleriň hatyrasyny hormatlamakda we taryhy wakalary geljekki nesillere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Türkiýäniň Çanakkale we Balıkesir welaýatlaryna guran dört günlük sapary sebitiň baý taryhy-medeni mirasy we özboluşly gözellikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Saparyň dowamynda türkmen žurnalistleri gadymy şäherlere, taryhy ýadygärliklere, muzeýlere we tebigatyň täsin künjeklerine baryp, Türkiýäniň medeniýeti, däp-dessurlary hem-de syýahatçylyk mümkinçilikleri barada täsirli maglumatlary topladylar. Bu gezelençler iki ýurduň taryhy-medeni gymmatlyklaryny has ýakyndan öwrenmek we okyjylar bilen paýlaşmak üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022