Aşgabatda "Ajaýyp Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi" atly sergisi açyldy

Aşgabatda "Ajaýyp Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi" atly sergisi açyldy
"Ajaýyp Hytaý: Sinziýanyň sungaty we gözelligi" sergisiniň Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde açylyş dabarasy, 2026-njy ýylyň 29-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 29-njy oktýabrda "Ajaýyp Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi" atly şekillendiriş sungaty we fotosurat sergisi açyldy. Sergide görkezilen eserler myhmanlary Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň tebigaty, medeni mirasy we gündelik durmuşy bilen tanyşdyrýar.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin, Hytaý Suratkeşler birleşiginiň başlygynyň orunbasary we Sinszýan Suratkeşler birleşiginiň başlygy Kuai Çženmin, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide Sinszýanyň tebigy gözelligine, medeni mirasyna we ýerli ilatyň gündelik durmuşyna bagyşlanan surat eserleri we fotosuratlar görkezilýär. Kuai Çženminiň bellemegine görä, sergi Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky medeni alyş-çalyş däbini dowam etdirip, sebitiň sungat jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga umyt bildirdi.

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň takmynan 185 million ABŞ dollaryna ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 412 göterim artdy.

Ilçi oba hojalygy we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň hem ösdürilýändigini belläp, hususan-da, ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ata Hallyýewiň ýanwar aýynda Sinszýana amala aşyran saparyny hem-de awtonom sebitiň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň awgust aýynda Türkmenistana bolan saparyny ýatlatdy. Bu saparlaryň dowamynda oba hojalygy, bilim we söwda-ykdysady ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sergi 10-njy noýabra çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022