Aşgabatda 200-den gowrak Türkmenistanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda B2B duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde önümleriň özara iberilmegi, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny giňeltmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda türkmen we özbek telekeçileri göni gepleşikleri geçirdiler. Şeýle hem gatnaşyjylara Özbegistanyň gurluşyk materiallaryny öndürmek, azyk we himiýa senagaty, ýeňil senagat we dokma önümçiligi, awtoulag gurluşygy, elektrotehnika, mebel önümçiligi, oba hojalygy, lomaý söwda we hyzmatlar ulgamlarynda işleýän kärhanalarynyň önümleri hem-de hyzmatlary tanyşdyryldy. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar önümleri ibermek, özara söwdanyň möçberini artdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ylalaşyklary gazandylar.
Duşuşygyň açylyşynda Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Odilhon Rustamow işewür toparlaryň wekillerini hyzmatdaşlygy ösdürmek we iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has işjeň peýdalanmaga çagyrdy.
Duşuşyk Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Kiçi telekeçilik assosiasiýasynyň başlangyjy bilen guraldy. Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, Özbegistandan 150-den gowrak telekeçi 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän "Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi" atly halkara sergä (CIET 2026) hem gatnaşýar. Şeýle hem serginiň çäklerinde özbek öndürijileriniň önümleriniň sergisi guraldy.












