Aşgabatda ITTC 2026 we "Türkmentel-2026" halkara forumlary öz işine başlady

Aşgabatda ITTC 2026 we "Türkmentel-2026" halkara forumlary öz işine başlady
ITTC 2026 we "Türkmentel-2026" halkara forumlarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň diwarlygy, 2026-njy ýylyň 24-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Aşgabatda sişenbe güni "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026" atly V halkara logistika forumy we sergisi (ITTC 2026), şeýle-de "Türkmentel – 2026" atly XIX halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilip, 26-njy noýabra çenli dowam eder.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumlara gatnaşyjylara iberen gutlagynda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, sanly çözgütleri we ulag-logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi. Döwlet Baştutany halkara ulag we aragatnaşyk arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, şeýle-de bu pudaklarda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti ulag we logistika pudaklarynda emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, multimodal ýük daşamalaryny, sanly logistika platformalaryny we elektron ulag resminamalaryny ösdürmek meselelerine hem ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk torlaryny döwrebaplaşdyrmak, 4G+ we 5G tehnologiýalaryny ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek hem-de döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

ITTC 2026 forumynyň iş maksatnamasy Orta geçelgäni we Hazar deňziniň üsti bilen geçýän ugurlary ösdürmek, sanly logistika, ulag infrastrukturasyna maýa goýumlaryny çekmek, howa arkaly ýük daşamalary we durnukly ulag çözgütleri ýaly meseleleri öz içine alýar. Forumyň çäklerinde B2B we B2G görnüşindäki işewür duşuşyklar hem geçiriler. Mundan başga-da, "Argus" halkara baha beriş agentligi halkara haryt-çig mal bazarlaryndaky we Merkezi Aziýadaky esasy meýiller hem-de nyrh görkezijileri boýunça aýratyn mejlis gurar.

"Türkmentel – 2026" sergisiniň we maslahatynyň maksatnamasy sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýa ulgamlary ýaly ugurlary öz içine alýar. Sergide "Huawei", "Nokia", "Thales", "Fortinet", " Delta telecom" we "Ozon" ýaly iri halkara kompaniýalaryň diwarlyklary görkezilýär. Şeýle-de çäräniň çäklerinde Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu iri halkara forumyň çäginde jemi 442 taslama hödürlenen "Sanly çözgüt – 2026" atly innowasion bäsleşigiň jemleri hem jemlener.

Guramaçylaryň deslapky çaklamalaryna görä, ITTC 2026 forumyna 25-den gowrak ýurtdan 500-den gowrak wekiliň, 1 müň töweregi hünärmeniň we 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. "Türkmentel – 2026" çäresine bolsa ozal 300-den gowrak halkara guramanyň we daşary ýurt kompaniýasynyň, şeýle-de 600-den gowrak wekiliýetiň gatnaşjakdygy habar berildi.российско-туркменской комиссии по экономическому сотрудничеству.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022