“Mado” Aşgabatda açylar

“Mado” Aşgabatda açylar
1850-nji ýylda Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynda Ýaşar Kanbur tarapyndan esaslandyrylan “Mado” 1991-nji ýylda şahamçalaryny açmaga başlady.

Türkiýäniň meşhur kafe zynjyry “Mado” nobatdaky şahamçasyny paýtagt Aşgabatda açmaga taýýarlanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň goldamagynda ýerli telekeçiler “Mado-ny” Aşgabatda açmak üçin 2018-nji ýylyň başyndan bäri iş alyp barýarlar.

Doňdurmalary, dürli görnüşli süýjülikleri, şeýle hem özüne mahsus ertirlikleri bilen tanalýan “Mado” kafesiniň Aşgabatdaky ýerli wekili tagamnamadaky ähli önümlerini “Mado-nyň” Türkiýedäki merkezinden getirýändiklerini aýdyp, “Biznes Türkmenistan” internet neşirine şeýle diýdi:

– Dünýäniň beýleki ýurtlaryna bolşy ýaly, "Mado-nyň" Aşgabatdaky şahamçasynda ulanyljak önümleri hem merkezden ugradylar. Munuň esasy sebäbi bolsa, şol bir hiliň we tagamyň lezzetini ýitirmezligidir. Esasy maksadymyz Türkiýä mahsus geçi süýdünden taýýarlanylýan doňdurmalardyr dürli görnüşli süýjülikleri müşderilerimize elýeterli etmekdir. Şeýle hem ertirlik tagamnamamyzda geçi süýdünden taýýarlanan peýnirleri hem ilata hödürlemegi göz öňünde tutýarys. Kafemizde zähmet çekjek hünärmenlerimiz Türkiýede ýörite okuwdan geçdiler.

1850-nji ýylda Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynda Ýaşar Kanbur tarapyndan esaslandyrylan “Mado” 1991-nji ýylda şahamçalaryny açmaga başlady. Kahramanmaraşyň meşhur doňdurmalaryny dünýä tanatmak maksady bilen açylan bu kafe zynjyry dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda 305-e golaý şahamçasy bilen türk tagamlaryny mahabatlandyrmaga dowam edýär.

Öňümizdäki günlerde açylmagy meýilleşdirilýän “Mado” kafesiniň Aşgabatdaky şahamçasy türk tagamlaryna we doňdurmalaryna gyzyklanma bildirýänlere "Arkadag" seýilgähinde garaşýar.

Kafeniň açylyş senesi barada ýakyn günlerde "Biznes Türkmenistan" internet neşirinde habar berler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022