Aşgabatda GDA-nyň baş diplomatlary duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.