Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019” atly XXIV halkara sergisi we maslahaty sişenbe güni öz işine başlady.
Söwda-senagat edarasynda geçirilýän bu çäräni guramaçy hökmünde “Turkmen Forum” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda “Тürkmennebit” döwlet konserni çykyş edýär.
Çäreleriň resmi açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara Gutlag haty okaldy.
Her ýyl geçirilýän bu abraýly forum nebitgaz ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýär.
Şu ýyl türkmen öndürijilieri bilen bir hatarda bu ulgamdaky öz önümlerini hem-de döwrebap hyzmatlaryny «British Petroleum», «Shell International B.V», «CNPC», «Buried Hill», «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.», «Dragon Oil», «Vitol», «SOСAR», «Gaffney, Cline& Associates», «Yugneftegaz», «Oracle Netherland B.V.» ýaly dünýäniň iri kompaniýalary we beýleki dünýä meşhur kompaniýalar görkezdiler.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019” atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işini çarşenbe güni hem dowam etdirer.