Pagta hasylynyň ýygnalyp, taýýar önüm hökmünde alyjylara hödürlenmeginde dokma toplumyna degişli kärhanalar esasy araçy bolup hyzmat edýär.
Dokma önümleriniň köpdürliligini gazanmak onuň düşewüntliligine oňyn täsir edýär. Önümleriň satyş we marketing ugurlaryna halkara ulgamda kabul edilen döwrebap esaslara görä çemeleşmek bolsa, isleg bildirýän daşary ýurtly bazarlaryň köpelmegine getirýär.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda dokma önümleriniň hili we tapawutly marketing usullary bilen halkara dokma bazarynda ornuny pugtalandyrmagy dowam edýän Aşgabadyň dokma toplumynyň (ADT) önümçilik desgasyna “Biznes Türkmenistan” neşiri hökmünde aýlanyp gördük.
Önümçilik syýahatymyzyň dowamynda toplumyň hünärmeni Azatdurdy Berjanow kärhana barada maglumat berip, ADT-niň önümçilik kuwwaty boýunça GDA döwletleriniň arasynda meňzeşiniň ýokdugyny aýtdy.
Önümçilik zynjyrynyň başyndaky saralgy nah ýüplükler prosesiň soňunda dürli görnüşli çalgyçlar, öýde we hammamda ulanylýan sütükli önümler, ýorgan-düşek toplumlary, şeýle hem ýumşak çaga oýunjaklary hökmünde toplumyň taýýar önüm ammaryna ugradylýar.
ADT-niň bölümlerinde zähmet çekýän 2,800-den gowrak işgäriň aglaba bölegi zenanlar bolup durýar. Olaryň lybaslarynyň reňkleri bolsa, işleýän bölümlerine görä üýtgeýär.
Bu dokma toplumy türkmen pagtasyndan alynýan önümleri diwersifikasiýalaşdyrmakda öňdebaryjylaryň biri hökmünde çykyş edýär. ADT ýaňy-ýakynda Türkmenistanda ilkinji organik önümleri öndürmäge başlapdy. Şeýle hem bu toplum Türkmenistanda ilkinji ýumşak oýunjak öndürijisi hökmünde hem öňe saýlanýar. Häzirki wagtda ADT “Wada” we “Goza” haryt nyşanly täze önümleriniň uly möçberdäki goýberilişine taýýarlanýar.
Aşgabat dokma toplumynyň gurluşygy we enjamlaşdyrylyş işleri iki tapgyrda alnyp baryldy. Onuň birinji bölegi 2007-nji ýylyň fewral aýynda, ikinji bölegi bolsa 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda işe girizilmäge taýýar edildi.
Dokma toplumyny doly kuwwatda işletmek üçin bir ýylda 13,100 tonna nah ýüplügi we 22,5 million inedördül metr çig nah matalary gerek bolýar.
Umumy meýdany 37 gektara deň bolan ADT dokma taýýarlaýyş, dokma, boýag we tikin bölümlerinden ybarat bolup durýar.
Toplumyň dokma taýýarlaýyş bölüminde Ýaponiýanyň “Tsudakoma”, “Bruckner”, “Karl-Mayer”, Şweýsariýanyň “Staubli”, Italiýanyň “Pentek” we Türkiýäniň “Dilmenler” kompaniýalarynyň awtomatlaşdyrylan enjamlary ornaşdyrylan. Bölümiň ýüwürdiji sehinde mata dokamak üçin ýüplük iki usul bilen saralýar. Ýüwürtmegiň partion görnüşinde “Tsudakoma”-nyň TWS-E 100/2400 kysymly enjamy işledilýär.
Ýüwürdiji enjamdan çykan ýüplükler dokama prosesinde yzygiderli üzülmez ýaly ýörite himiki erginlerden geçirilip, petlenilýär.
Heniz dokma bölümine geçmedik ýüplükler önümçilik meýilnamasynyň esasynda gerekli bolan halatynda boýalýar. Boýalan ýüplüklerden matalary taýýarlamak üçin “Karl-Mayer” enjamy ulanylýar. Bu matalar toplumyň öndürýän ähli sütükli matalarynyň 20%-ni emele getirýär.
Taýyn bolan ýüplükler dokma bölümine iberilýär. ADT-niň dokma bölüminiň birinji we ikinji nobaty ýyllyk çig sütükli matalaryň 5,190 tonnasyny, çig nah matalaryň 55,8 million inedördül metrini öndürmäge ukyply bolup durýar. Bölümde dokaýjy enjamlaryň 260 sanysy ýerleşdirilip, olaryň 38-si žakkardly usul bilen, 222-si armirlenen usul bilen mata dokaýar. Žakkardly usul bilen işleýän enjamlar dokama prosesinde matalaryň ýüzüne 3D usulda islendik nagyşy we şekili ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu enjamlar arkaly, esasan, myhmanhanalar üçin lýuks şekilli matalar öndürilýär.
Toplumyň 2013-nji ýylda işe girizilen ikinji nobatynda ulanylýan enjamlar 2011-nji ýylda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen “ITMA-2011” halkara sergisinde seçilip alyndy.
Dokma bölümden çykan matalar meýilnama görä boýag bölümine ugrukdyrylýar. Toplumyň bu bölümi ýyllyk sütükli matalaryň 4,900 tonnasyny, nah matalaryň 70.6 million tonnasyny boýamaga mümkinçilik berýär. Bölümde ýerleşdirilen enjamlar arkaly nah matalaryň ýüzüne dürli görnüşli şekilleri basyp bolýar. Boýag bölüminde satin, žakkard satin, ranforse, kreton we flanel görnüşli matalary boýalýar.
ADT-niň tikin bölüminde göni tikinler we owerlok üçin Ýaponiýanyň “Juki” kompaniýasynyň tikin enjamlary ulanylýar. Bölümde bir ýylyň dowamynda sütükli önümleriň 4680 tonnasy, taýýar tikin önümleriniň 19,8 million sanysy öndürilýär. Toplumyň tikin önümçilik bölüminde ýorgan-düşek toplumlary we sütükli çalgyçlary öndürmek üçin ýöriteleşdirilen tikin awtomatlary ornaşdyrylan. Taýýar önümler gaplama bölümine iberilýär. Bu bölümde ADT-niň dokma önümleri dürli görnüşli sowgatlyk gaplara we adaty gaplara gaplanylýar.
Kärhana dokma önümlerini “ADT” haryt nyşany bilen alyjylara hödürleýär. Şeýle hem bu dokma toplumy daşary ýurtly meşhur brendler üçin hem önüm öndürýär. Muňa mysal hökmünde Türkiýäniň “TAÇ” brendini görkezmek bolar. Şeýle haryt nyşanly ýorgan düşek toplumlarynyň bir bölegini ADT öndürýär.
Häzirki wagtda fabrigiň iki sany dükany bar. Olaryň biri önümçilik desgasynyň ýanynda ýerleşýär, ikinjisi bolsa Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň ugrunda ýerleşýär.