“Täç hil” Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň bazarlary bilen gyzyklanmaga başlady

“Täç hil” Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň bazarlary bilen gyzyklanmaga başlady

“Täç hil” hususy kärhanasy eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen täze maksatnamasyny işe girizdi. Kärhana “Senagat Consulting”-den eksport boýunça maslahat beriş hyzmatyny almaga başlady.

Ýuwujy serişdeleriň 9 görnüşini, suwuk sabynlaryň 5 görnüşini, çygly süpürgiçleriň 28 görnüşini öndürýän hususy kärhana ozal Azerbaýjana, Gazagystana, Owganystana we Gyrgyzystana eksport edipdi. “Täç hil” bu bazarlardaky ýerini has hem pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.

Ýewropa täzeleniş we ösüş bankynyň goldaw bermeginde alnyp barylýan täze maksatnamanyň esasynda kompaniýa Merkezi Aziýa ýurtlaryna, esasan hem, Gazagystan we Azerbaýjana eksporty artdyrmagy maksat edinýär.

“Täç hil”-iň esaslandyryjysy Täçmyrat Gurdow öz önümlerini Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şeýle hem Azerbaýjanda ýaýratmak maksady bilen degişli ýurtlaryň işewürlerinden geljek hyzmatdaşlyk we dilerlik tekliplerine açykdyklaryny mälim etdi.

Häzirki wagta çenli esasy ünsleriniň ýerli bazary doldurmakdygyny aýdan işewür eksporta gönükdirilen täze maksatnamadan ýerlikli netijä garaşýandyklaryny belledi.

 “Täç hil” hususy kärhanasy biznes meýilnamalarynyň esasynda her üç aýdan täze önümi bazara çykarmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda kompaniýa şampunlary we duş gellerini bazara çykarmaga taýynlyk görýär.

Gurdow adam saglygyny üns merkezinde goýup, önümçilik alyp barýandyklaryny beýan edip, bu ugurda degişli sertifikatlary edinendiklerini nygtady.

2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasy Ahal welaýatynda ýerleşýän senagat zolagynda önümçilik alyp barýar. Kärhana ýyllyk 20 million gap çygly süpürgiç öndürmäge ukuply bolup, HALAL RC HL 17-009, ISO 22716, OHSAS 18001, ISO 9001, ISO 14001, ISO 10002 we GMP halkara sertifikatlaryna eýe.

2022