Mollagaranyň bejeriş palçyklary we deňiz duzy onlaýn satylýar

Mollagaranyň bejeriş palçyklary we deňiz duzy onlaýn satylýar

Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýerleşýän Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanada öndürilýän önümler halkara söwda saýtlarynda satylmaga başlady.

“Biznes Türkmenistan” internet neşirine berlen maglumatlara görä, kärhanada deňiz duzunyň, mollagara we wulkan palçyklarynyň 20 görnüşi öndürilýär. Bu önümleriň satuwy ýurduň dermanhanalarynda ýola goýuldy hem-de olary beýleki söwda nokatlarynda ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Bejeriş önümlerini daşary ýurtlara ibermek boýunça dürli gepleşikler geçirýän kärhana ABŞ-niň “Alde Vaal Group” kompaniýasynyň buýurmasy esasynda ABŞ-niň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň bazarlaryna girmek we tanyşdyryş işlerini geçirmek maksady bilen kiçi tapgyrlarda önüm ugratdy. Häzirki wagtda önümleriň mahabat işleri alnyp barylýar we şol önümler “mollagara.us” saýtynda hem internet söwdasyna goýuldy.

Şeýle-de bejeriş önümleriniň Gazagystanda mahabatlandyryş işleri geçirildi. “Gara International” kompaniýasynyň üsti bilen Päkistan döwletinde hem önümleriň tanyşdyryş işleri geçirildi.

Mahabatlandyryş işleri üçin önümleri “Paýtun” hojalyk jemgyýeti Russiýa üç gezek ugratdy. Ýüz üçin “Wulkan” palçygyndan örtgüler (maska) Russiýa ugradylyp, Moskwa we Sankt Peterburg şäherlerinde tanyşdyryş işleri geçirildi.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasy 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda önümçilige başlady. Kärhana bir ýylda 400 müň gap önüm öndürmäge ukyply bolup, bu mukdary 800 müňe çenli ýokarlandyrmaga onuň mümkinçiligi bardyr.

Kärhanada öndürilýän melhem palçyklarynyň we duzlarynyň esasy aýratynlygy hiç hili himiki goşundylar garylmazdan 100% tebigy önüm bolup durýanlygydyr.

2022