Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli duşenbe güni “Ak şäherim Aşgabat” atly XIX köpugurly halkara sergi geçirildi. Sergini Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurnady.
Söwda-senagat edarasynda geçirilen serginiň açylyşyna hökümetiň agzalary, Milli Parlamentiň ýolbaşçylary we deputatlary, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen telekeçileri we daşary ýurtly işewürler, paýtagtyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda “Gurulýan döwrebap, ak mermerli binalaryň hasabyna soňky ýyllarda gözel paýtagtymyzyň çägi barha giňelýär, Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär” diýip belleýär.
Şu ýyl sergä gatnaşyjylaryň 70-den gowragy, şol sanda firmalaryň we kompaniýalaryň, hususy telekeçiligiň wekilleri öz öndürýän önümlerini görkezdiler.