Çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bäş sany söwda dükanlarynyň täze toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Köçäniň 3-nji jaýynda ýerleşýän dükanlarda Türkmenistanda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli, içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleriniň “Nusaý”, “Gala”, “Bürgüt”, “TG Aýakgap” we “Altyn asyr” ýaly brendleri hödürlenilýär.
Türkmen dizaýnerleri öz işlerinde ilkinji nobatda ilatyň möwsümleýin isleglerini nazarda tutup, dünýä meýillerine laýyklykda, lybaslaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige hödürleýärler.
Alyjylara erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikler, şeýle hem her bir ýokary okuw mekdebiň aýratynlyklary nazara alnyp hem-de milli bezegleriň görnüşlerinden peýdalanyp, talyplar üçin öndürilýän sport lybaslary hem ýetirilýär.
Şu ýylyň iýun aýynda Dokma senagaty ministrliginiň söwda dükanlary paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda açyldy. Ýakynda paýtagtymyzda ýene birnäçe nokatda şeýle dükanlary açmak meýilleşdirilýär.