Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Gündiz” hususy kärhanasy buýurmalar esasynda dürli görnüşli lýuks mebellerini öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir.
“Buýurmalar müşderiniň islegi nazara alnyp, ilki bilen kärhananyň dizaýn studiýasynda işlenilip taýýarlanylýar. Soňra agaçlar ýörite enjamlarda gerek şekillerine görä ýasalýar. Şeýle-de kärhanada ýörite nagyşlary goýmak üçin “CNC” enjamy gurnalandyr” diýip, kärhananyň direktory Muhammetnazar Ballyýew “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda aýtdy.
M.Ballyýewiň aýtmagyna görä, kärhanada boýag bölümi hem hereket edýär. Bu bölüm aýda 4 müň inedördül metr mebel agaçlaryny reňklemäge niýetlenendir.
Kärhanada isleglere görä agaç örtükler bilen gaplanan MDF-lerden mebel önümleri öndürilýär. Gaplama üçin çig mal Italiýa, Ispaniýa we Russiýa ýaly ýurtlardan getirilýär. Şeýle-de kärhanada ozal daşary ýurtlardan getirilýän agaçdan ýasalan aýaklarynyň we basgançak sütünleriniň önümçiligi hem bu ýerde ýola goýulandyr.
Müşderileriň buýurmalary bilen bir hatarda kärhananyň aýda 50 aşhana mebellerini hem-de üç müň sany gapy öndürmäge mümkinçiligi bardyr diýip, söhbetdeşligiň barşynda M.Ballyýew nygtady.
2015-nji ýylda döredilen “Gündiz” hususy kärhanasy geljekde mebel önümçiliginiň täze usullaryny özleşdirip, ilaty ýokary hilli lýuks mebelleri bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa ozal Ýewropadan getirilýän şonuň ýaly önümler bilen bäsleşip bilýän daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup biljek harytlaryň çykarylyşyny artdyrmagy maksat edinýär: bu ýerde lýuks aşhana stollaryny we oturgyçlarynyň, ýumşak mebelleriň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.