Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýyladyşhanalar toplumy açyldy

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýyladyşhanalar toplumy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýyladyşhanalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmagyna ak pata berdi. Bu önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň hem Sakarçäge etraplarynda gurlup, olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary tarapyndan gurlan bu ýyladyşhanalar ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenip, olaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orny dörediler.

Obasenagat toplumlarynyň gurluşygynda ýokary derejede ýylylyk saklaýjy we ulanyş häsiýetlerine eýe bolan hem-de ekologiýanyň talabyna kybap gelýän döwrebap serişdeler ulanyldy. Ýylylygyň we ýagtylygyň bellenen kadasynyň, howanyň çyglylygynyň saklanylmagy, topragyň gurplandyryjy maddalar bilen baýlaşdyrylmagy, suw tygşytlaýjy ulgamlar arkaly suwarylmagy ýaly tehnologiki işlere kompýuter programmalarynyň kömegi bilen gözegçilik edilýär. Önümleri saklamak üçin ýörite sowadyjy enjamlary bilen üpjün edilen ammarlar hem göz öňünde tutuldy.

Habarda bellenilişi ýaly, TSTB-nyň agzalary gysga döwrüň içinde döwrebap ýyladyşhanalaryň 400 gektardan gowragyny gurup, işe girizdiler. Geçen ýyl 37 müň 750 tonna pomidor daşary ýurtlara eksport edildi. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji 70% köpdür. 2021-nji ýylyň iki aýynda bolsa, 16 müň tonna ter pomidor beýleki döwletlere iberildi.

Şeýle hem, açylyş dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan beýleki welaýatlarda açylan ýyladyşhanalaryň ýolbaşçylaryna döwrebap oba hojalyk tehnikalary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň bäş welaýatynda ulanmaga berlen täze ýyladyşhanalarda ýetişdirilen önümler ýüklenen awtomobil kerweni ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijilerine gök önümleri ýetirmek üçin ýola düşdi.

(Surat: Türkmenistanyň resmi metbugaty)

2022