Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda penşenbe güni Aşgabat şäheriniň “Oguzhan” köşkler toplumynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, gepleşigiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly milli Liderimize we maşgala agzalaryna öz gynanjyny bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň ýolbaşçylary söwda-ykdysady pudakda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hasaplanylýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli höweslendirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny hem-de geljek üçin niýetlenen meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Habarda bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda söwda dolanyşygy üç esse artyp, geçen ýylyň ahyrynda 530 million ABŞ dollaryna ýetendigi nygtaldy. 150-den gowrak bilelikdäki kärhanalar döredildi.

Mundan başga-da, iki ýurduň ýolbaşçylary halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky Aşgabat şertnamasyny mundan beýläk-de bilelikde ösdürmäge, şeýle hem Hytaý – Merkezi Aziýa – Günorta Kawkaz – Türkiýe multimodal ýolunyň netijeli ýüklenmegini üpjün etmäge we ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüşi boýunça özara gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Günüň soňunda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Aşgabadyň Halkara howa menziline ugrady. Şol ýerde Döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, onuň bilen hoşlaşdy.

(Suratlar: Türkmenistanyň resmi metbugaty, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022