Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi sişenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde öz işine başlady.

Bu şanly sene mynasybetli gurnalan iki günlük sergä ýurdumyzyň ykdysadyýetiň döwlet böleginiň düzümleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň we beýleki ulgamlarynyň, şeýle-de hususy pudagynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

“Beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetildi” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda aýdylýar.

Sergide ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň, milli ykdysadyýetimizde we durmuş ulgamlarynda gazanylan üstünlikler görkezilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022