Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygyndan soňra resmi wekiliýetiň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi. Aşgabatda duşenbe güni geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.
Ikiçäk geçirilen duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet saparynyň doganlyk we strategiki ikitaraplaýyn gatnaşyklara güýçli itergi berjekdigini we täze derejä çykarjakdygyny aýtdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Gazagystanyň Prezidenti giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji döwlet saparynyň ähmiýetini belledi.
Şeýle-de, Tokaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibini goldady.
Mundan başga-da, Tokaýew Gazagystanyň Türkmenistana umumy bahasy 130 million ABŞ dollaryna deň bolan 60-dan gowrak önümiň üpjünçiligini artdyrmaga taýýardygyny belledi.
“Bu maksada ýetmäge mümkinçilik bar. Esasanam, un we bugdaý ýaly oba hojalyk önümlerimiziň bazar bahalaryna laýyk gelýän özara peýdaly şertlerde üpjünçiliginiň artdyrylmagynyň geljegi uludyr. Türkmen tarapy bilen baglaşylan şertnama esasynda, Gazagystan ýakynda bugdaýy elýeterli bahadan eksport edip başlady” diýip, Jomart Tokaýew mejlisiň dowamynda nygtady.
Sözüniň ahyrynda Gazagystanyň Prezidenti, duşuşygyň çäginde ähli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy gazak-türkmen gatnaşyklarynyň aýratyn häsiýetiniň bardygynyň aýdyň mysalydygyny belledi.
Gepleşikleriň jemi boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn şertnamalara, şol sanda Gazagystanyň Prezidenti Jomart Tokaýew bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Bilelikdäki Beýannamasyna, Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek boýunça ylalaşyga; Gazagystanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň arasyndaky gazak-türkmen serhediniň tertibi boýunça ylalaşyga; Gazagystanyň maliýe ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasynda; Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda daşalýan harytlar we ulaglar barada deslapky maglumatlary alyşmagy guramak baradaky teswirnama; türkmen-gazak serhedinde "Jusan Mobile" we "Turkmentelecom" telekommunikasiýa ulgamlarynyň kabel geçirjisiniň infokommunikasiýa we telekommunikasiýa torlaryny gurmak barada ylalaşyga, şeýle-de 13 sany ähtnama gol çekildi.
(Suratlar: Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)