Türkmen Lideri Stambulda Türki geňeşiň Sekretariatynyň binasynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmen Lideri Stambulda Türki geňeşiň Sekretariatynyň binasynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Stambul şäherinde anna güni Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Türki geňeşiň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji sammitine gatnaşmak üçin Türkiýä geldi.

“Anadoly agency” agentliginiň habar berşi ýaly, sammite gatnaşyjylar Soltanahmet sebitinde binanyň açylmagyny alamatlandyrýan toý bagyny bilelikde kesdiler. Sekretariatyň binasynyň daşynda gurama gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary galdyryldy.

Soňra döwlet we hökümet Baştutanlary Stambulyň golaýyndaky Demokratiýa we azatlyk adasynda geçiriljek Türki geňeşiň sammmitine ugradylar. Bu sammit Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriler.

Bellenilişi ýaly, sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşarlar. “Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler” şygary bilen gurnalan sammite gatnaşyjylaryň arasynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Türki geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew hem bar.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ozal sammitde Türki geňeşiň agza döwletleriniň ýolbaşçylarynyň guramanyň geljegi barada möhüm kararlar berjekdigini aýdypdy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň bu geňeşdäki hemişelik synçy statusy ara alnyp maslahatlaşylar, bu bolsa guramanyň ähli türki dilli döwletlerini gurşap almagyna mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, guramanyň adyny Türki döwletleri guramasyna üýtgetmek meýilleşdirilýär. Üçünjiden, Türki geňeşiň aksakgallylar geňeşiniň tertipnamasy täzelener.

Şeýle hem, geňeşe hyzmatdaş ýurtlar we synçy statuslarynyň ýagdaýy kesgitlener.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda döredildi. Häzirki wagtda Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkiýe we Özbegistan geňeşiň agzalary bolup durýar. Wengriýa bu geňeşe synçy hökmünde gatnaşýar.

(Suratlar: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022