Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi

Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ýekşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Sammitiň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara giriş sözi bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Milli Liderimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, söwdany ösdürmegiň biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtap, geçen ýylyň jemleri boýunça YHG-a agza ýurtlaryň arasynda umumy söwda dolanyşygynyň 49,8 milliard ABŞ dollaryna barabar bolandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda YHG tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde tehnologiýa, aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek zerurlygy ýüze çykýar diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu günki duşuşygyň barşynda geljekde uly mümkinçilikleri açýan ugurlar boýunça hem netijeli gepleşikleriň geçiriljekdigine ynam bildirdi.

YHG-nyň 14-nji sammitiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan çykyşynyň dowamynda sammitiň sebitleýin we ählumumy möçberde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, şol sanda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilen çözgütleriniň ähmiýetini nygtap, bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň gadymy döwürlerde halklary we ýurtlary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, Rejep Taýyp Ärdogan owgan meselesine degip geçip, Owganystanda syýasy durnuklylygyň berkarar edilmeginiň hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň diňe bir sebit däl, eýsem, halkara derejede hem uly ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge, hususan-da,  Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmäge aýratyn üns berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, agzalyp geçilen taslamalaryň biziň bilelikdäki mümkinçiliklerimiziň aňry çägi däldigine ynam bildirdi. Şeýle hem, Milli Liderimiz häzirki döwürde YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky giňişlikde hem, olaryň çäklerinden daşyna çykylanda hem goşmaça energetika we üstaşyr ulag geçelgeleri gerek diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, Hazar sebitiniň we Ýewropa ýurtlaryna çykmak bilen Gara deňzi, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň arasynda üstaşyr ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda logistik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalaryny ulanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip etdi. Türkmenistanyň YHG boýunça hyzmatdaşlaryň bähbitlerine Hazaryň kenarýakasyndaky häzirki zaman portunyň kuwwatyny hödürlemäge taýýardygy nygtaldy.

YHG-nyň Baş sekretary Husraw Nozir öz gezeginde 15-nji sammit sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin umumy borçnamalary we tagallalary tassyklamak babatda täsin mümkinçilikdigini belläp, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” işlenip taýýarlanylandygy bellenildi.

YHG-nyň Baş sekretary geljekki meýilnamalar barada aýdyp, söwdanyň ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi bolup durýandygyny hem-de YHG-a agza ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” bellenilişi ýaly, guramanyň sebit söwdasynyň ählumumy eksportyny giňeltmegiň wajypdygyna üns berildi.

Şunuň bilen birlikde, 2021-nji ýylda geçirilen ministrler maslahatlarynyň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmegiň hem-de YHG-nyň gümrük nyrhlarynyň we beýleki degişli resminamalaryň, bilelikdäki taslamalaryň birnäçesiniň YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Sebit söwdasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bu ugurdaky esasy wezipeleriň biridir. Jenap Husraw Noziri bu barada aýtmak bilen, söwda bilen baglanyşykly ykdysady amallary çalt geçirmäge ýardam bermek üçin gurama boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň Merkezi banklarynyň arasynda YHG-nyň kliring birleşiginiň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de sammitiň barşynda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Prezidentleri hem-de Gazagystanyň Premýer-ministri çykyş etdiler. YHG-a agza ýurtlaryň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi we bu ugurda zerur tagallalaryň edilmelidigi, şunlukda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günki sammitiň jemleri boýunça ylalaşyklary nazara almak bilen, Jemleýji resminamanyň kabul edilýändigini belledi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Jemleýji resminamasy — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy biragyzdan kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, Gurama başlyklyk etmegiň bellenen gezekleşikli usulyna laýyklykda, 2022-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmek Özbegistan Respublikasyna geçýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň indiki sammitiniň geçiriljek ýeri baradaky meselä geçmek bilen, onuň geçiriljek ýerini we senesini taraplaryň diplomatik ýollar arkaly kesgitlejekdiklerini habar berdi. Bu barada bellenen düzgünlere laýyklykda, Sekretariat guramanyň agzalaryna habar berer.

Sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň Prezidentleri, Gazagystanyň Premýer-ministri hem-de YHG-nyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

(Suratlar: Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň metbugat gulluklary)

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022