Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi

Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi
Kowindiň sapary Hindistanyň Prezident derejesinde Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparydyr. (Surat: Hindistanyň Prezidentiniň “Twitter” hasaby)

Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind anna güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine üç günlük resmi sapary bilen geldi. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berdi.

Aşgabat halkara howa menzilinde Hindistanyň liderini Türkmenistanyň wise-premýeri Raşid Meredow we Bilim ministri Gurbangül Ataýewa garşyladyrlar.

Soňra paýtagtymyzyň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňünde Prezident Ram Nath Kowindini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. 

Habarda bellenilişi ýaly, şenbe güni iki ýurduň baştutanlary resmi duşuşygy geçirerler. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyr bolar.

Kowindiň sapary Hindistanyň Prezident derejesinde Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Suratlar: Hindistanyň Prezidentiniň “Twitter” hasaby, Türkmenistanyň resmi metbugaty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022