Türkmenistan-Neapol: işewürlik hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Neapol: işewürlik hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Port ulgamynyň müdiriýeti bilen geçirilen duşuşykda Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Italiýanyň deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow duşenbe güni Italiýanyň Neapol şäheriniň wekilleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.

Ilçihananyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, saparyň dowamynda ilçi Toýly Kömekow Neapol şäheriniň meri, Neapol, Salerno we Kastellammare-di-Stabiýa portlarynyň ýerleşýän ýeri bolan Tirren deňziniň merkezi böleginiň portlar ulgamynyň müdiriýetiniň prezidenti, Neapol şäheriniň Senagatçylar birleşmesiniň internaliýaziýasy boýunça wise-prezidenti, şeýle hem Fridrih II adyndaky Neapolitan uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Neapolyň işewürlik toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem Neapolyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň senagat, dokma oba hojalyk önümçiligi pudaklarynda tejribe we täze tehnologiýalary alyşmagy göz öňünde tutýan taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, Neapol şäheriniň Senagatçylar birleşmesiniň wise-prezidenti bilen duşuşygyň barşynda T.Kömekow ýurdumyzyň ykdysady ösüş ugurlary we biznes mümkinçilikleri, şeýle hem türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän iri taslamalary barada gürrüň berdi.

Port ulgamynyň müdiriýeti bilen geçirilen duşuşykda Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Italiýanyň deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Neapolitan uniwersitetinde geçirilen duşuşykda bolsa ylym we bilim ulgamynda tejribe alyşmak, geljekde bilelikde çäreleri we maslahatlary geçirmek ugrunda gatnaşyklary ösdürmek meselesine seredildi.

Neapol ykdysady kuwwatlylygy boýunça Italiýanyň öňde baryjy şäherleriniň biridir. Neapol deňiz portunyň kuwwatlylygy ýylda 30 milliondan gowrak tonna barabar bolup, bu port Orta ýer deňzinde we Ýewropada strategiki taýdan wajyp portlaryň hatarynda durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022