“Älem TV” dünýäniň meşhur teleýaýlymlaryny hödürleýär

“Älem TV” dünýäniň meşhur teleýaýlymlaryny hödürleýär
Telekart arkaly birikdirilýän bu hyzmatyň üsti bilen 125 sany teleýaýlyma tomaşa edip bolar.

“Älem TV” operatorynyň hyzmatyny birikdirmek arkaly Ýewropanyň we Aziýanyň meşhur teleýaýlymlary, rus, türk, özbek, hindi teleýaýlymlary öz içine alýan gije-gündiz eleýeterli bukjalary hödürleýär.

Telekart arkaly birikdirilýän bu hyzmatyň üsti bilen 125 sany teleýaýlyma tomaşa edip bolar. “Binýatlaýyn bukjada” birikdirilende ýaýlymlaryň 114-si, “VIP” bukjada bolsa goşmaça 11 sanysy elýeterli bolýar.

Hyzmatyň tölegi “Binýatlaýyn” bukja üçin 1 ýylda 480 manada, “VIP” bukja üçin bolsa ýylda 600 manada barabar bolup durýar.

12 aýlyk bukjany birbada birikdirene, onlaýn operator 1 aý sowgat hökmünde berýär.

Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52°E” aragatnaşyk emeli hemrasy eýýäm ençeme ýyldan bäri üstünlikli hyzmat edip gelýär. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge goşant goşmak, döwrebap telekommunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen, “Älem TV” hemra we onlaýn telewideniýe operatory dünýä meşhur teleýaýlymlary bir ýerde jemläp berýär.

Hyzmaty birikdirmek hem-de goşmaça soraglar üçin şu telefon belgilerinden 7/24 sagat habarlaşyp bilersiňiz: +993 65 01-99-98, +993 65 31-78-87

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022