Aşgabatda türkmen hususyýetçileriniň sergisi geçirilýär

Aşgabatda türkmen hususyýetçileriniň sergisi geçirilýär
İki günlük sergi Birleşmäniň agzalarynyň häzirki güne çenli ýeten sepgitlerini görmek üçin meýdança bolup durýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sişenbe güni türkmen hususy işewürliginiň gazananlarynyň sergisi öz işine başlady.

İki günlük sergi Birleşmäniň agzalarynyň häzirki güne çenli ýeten sepgitlerini görmek üçin meýdança bolup durýar.

Serginiň çäginde Birleşmäniň agzalarynyň maslahaty hem geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow TSTB-niň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sergä we agzalaryň maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen, döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

“Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän täze önümçilikler bilen birlikde eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän ýokary tehnologiýaly kärhanalar hem gurlup, işe girizilýär. Netijede, ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň senagat, oba hojalyk önümleriniň, şeýle hem amala aşyrýan hyzmatlarynyň daşary ýurt bazarlaryndaky orny yzygiderli pugtalanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.

Sergä TSTB-niň 200-e golaý agzasy gatnaşýar. Olaryň arasynda oba hojalygy, azyk gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy we halk senetçiligi boýunça işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bardyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022