Aşgabatda “LC Waikiki”-niň resmi dükany açylýar

Aşgabatda “LC Waikiki”-niň resmi dükany açylýar
Dükanda erkekler, zenanalar we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikleriň ähli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.

Aşgabat şäherindäki “Berkarar” söwda dynç-alyş merkezinde 13-nji maýda Türkiýäniň “LC Waikiki” kompaniýasynyň ilkinji dükanynyň resmi açylyş dabarasy geçiriler.

Dükanyň menejeriniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, harytlar gönüden-göni kompaniýanyň fabriginden Türkmenistana gelip gowuşýandygy sebäpli, dükanda goýlan harytlaryň bahalary müşderiler üçin elýeterlidir we häzirki wagtda birnäçe arzanladyşlar dowam edýär.

Dükanda erkekler, zenanalar we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikleriň ähli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.

Täze söwda nokady iki gatdan ybarat bolup, onuň birinji gatynda zenanlar we çagalar üçin niýetlenen aksesuardyr egin-eşikler, ikinji gatynda bolsa erkekler üçin niýetlenen harytlar ýerleşdirilendir.

Mundan başga-da, dükan tarapyndan “Asman Ekspres” we “Asman Shop” saýtlarynyň üstünde işlenilýär. Müşderiler şol saýtlaryň üsti bilen özlerine gerek harytlary satyn alyp, olary öýlerine sargyt edip bilerler.

Häzirki wagtda täze dükanda 50-den gowrak hünarmen zähmet çekýär. Dükan geljekde harytlaryň bahasyny ýaşaýjylar üçin has hem amatly etmegi meýilleşirýär.

“LC Waikiki” kompaniýasy 1988-nji ýylda Fransiýada esaslandyrylyp, 1997-nji ýyldan bäri türk brendi hökmünde iş alyp barýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň 54 döwletde 1100-den gowrak söwda nokatlary hereket edýär. “LC Waikiki” 2023-nji ýyla çenli Ýewropanyň moda senagatynyň ilkinji üçlügine girmäge ymtylýar. 2021-nji ýylda kompaniýanyň eksport dolanyşygy 950 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022