Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumy öz işine başlady

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumy öz işine başlady
Forum Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde geçirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Foruma gatnaşmak üçin Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyzystanyň Ýokarky Geňeşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýanyň federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistanyň Oli Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Aşgabada geldiler.

Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara foruma gatnaşyjylary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde forumyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyna gatnaşyjylara ugradan gutlagynda Türkmenistanyň halkara resminamalara goşulmagy we şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmegi, ilkinji nobatda, ynamly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna oňyn täsir edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu forumyň pikir alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleri we Russiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigine, ýurtlaryň halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynanýandygyny belledi.

Suratlar: Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi

2022