Türkmenistanyň Prezidenti Magdeburgda bolan pajyga zerarly Germaniýa gynanç bildirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Magdeburgda bolan pajyga zerarly Germaniýa gynanç bildirdi
Polisiýa işgärleri Täze ýyl bazarynyň goragynda durlar, 2024-nji ýylyň 21-22-nji dekabry, Magdeburg, Germaniýa (Surat: ВВС)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere ýurduň Magdeburg şäheriniň Täze ýyl bazarynda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň ejir çekenleriň gynanjyna duýgudaşlyk bildirýändigini belledi.

“Euronews” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, anna güni bolup geçen pajygaly waka azyndan dört adamyň gurban bolmagyna we 200-den gowrak adamyň hem şikes almagyna getirdi.

Şenbe güni Magdeburg şäherinde ýüzlerçe şäher ilatynyň we hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda pajygaly wakanyň pidalaryna bagyşlanyp hatyra çäresi geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022