“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady

“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady
Sergi 80-den gowrak ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryny, döwlet edaralaryny kärhanalary hem-de hususy pudagyň wekillerini ýygnady.

Çarşenbe güni Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly ХXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady.

Sergi Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalyp, ol ertir hem dowam eder.

“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezer diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara ýollan gutlag hatynda belledi.

Sergi 80-den gowrak ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryny, döwlet edaralaryny kärhanalary hem-de hususy pudagyň wekillerini ýygnady.

2022