Daşoguzda iki sany saglygy goraýyş desgasy açyldy

Daşoguzda iki sany saglygy goraýyş desgasy açyldy
Bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň – Köpugurly we Onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Daşoguz welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Daşoguz şäherindäki täze 450 orunlyk köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy halkara ülňülerine laýyklykda guruldy we enjamlaşdyryldy.

Hassahanalar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredildi.

Köpugurly hassahana tiz kömek, fizioterapiýa, stomotologiýa, gemodializ, himiýaterapiýa, pediatriýa, ginekologiýa, neýrotrawmatologiýa, hirurgiýa, urologiýa, onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa, doguryş bölümlerinden ybaratdyr.

2022