Türkmenistanyň Prezidenti Medine şäherine zyýarat etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Medine şäherine zyýarat etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerine türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi. (Surat: “Saudi Press Agency”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde penşenbe güni Medine şäherine bardy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Medine welaýatynyň häkimi Feýsal bin Salman Al Saud we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz ol ýerden Muhammet pygamberiň metjidine tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyz wekiliýet agzalary bilen bilelikde Muhammet pygamberiň metjidiniň hormatyna namaz okady.

Soňra Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerine mukaddes toprakda — yslam dininiň watanynda türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistana ugrady.

Muhammet pygamber biziň eýýamymyzyň 622-nji ýylynda Mekgeden hijret edenden, ýagny göçenden soňra, Medinede ýaşaýar we yslam dinini wagyz edýär. Musulmanlaryň hijri ýyl hasaby hem öz gözbaşyny şol seneden alyp gaýdýar. Bu ýerde pygamberimiz öz sahabalaryny daşyna jemläp, sekiz ýyldan soňra, ýeňiş bilen ýene Mekgä dolanyp barýar. Medine şäheri adamzat taryhynda ilkinji musulman döwletiniň paýtagty bolup, yslam dini bu ýerden tutuş dünýä ýaýraýar.

2022