Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekdi

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekdi
Türkmenistanyň we Eýranyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda iki ýurduň ministrleri, häkimleri we resmileri resminamalara gol çekildiler. (Surat: irangov.ir)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň çarşenbe güni Tähranda geçirilen duşuşygynyň netijeleri boýunça dokuz sany özara düşünişmek Ähtnamasyna we Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň we Eýranyň welaýatlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilelikdäki maýa goýum komitetini döretmek, ikitaraplaýyn ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähtnamalar bardyr.

Eýranyň “Mehr” agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň we Eýranyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda iki ýurduň ministrleri, häkimleri we resmileri degişli resminamalara gol çekdiler.

Gol çekişlik dabarasyndan soň türkmen kärdeşi bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda Prezident Raisi Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýokary wekiliýetiň Eýrana eden saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly ädim bolandygyny aýtdy. Şeýle-de Raisi Eýranyň soňky üç onýyllykda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň has-da pugtalanýadygyny belledi.

“Iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda, suw, elektrik we gaz pudaklarynda has köp hyzmatdaşlyk bolmalydyr” diýip, Ebrahim Raisi nygtady.

Eýran ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, Prezident Raisi ýurdunyň Türkmenistan bilen 20 ýyllyk hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow hem öz gezeginde Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň arasyndaky gepleşikleriň üstünlikli geçendigini aýtdy. Şeýle hem, Eýranyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge üns berlendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Raisä we Eýran häkimiýetlerine Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligindäki başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidentini şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek Hazar kenarýaka döwletleriniň altynjy sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

2022