USAID Türkmenistanda maýa bazarlarynyň ösdürilmegine ýardam berýär

USAID Türkmenistanda maýa bazarlarynyň ösdürilmegine ýardam berýär
Aşgabat gazna biržasy gymmat bahaly kagyzlar boýunça täze 25 sany hususy dellallary taýýarlady. (Surat: USAID)

ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasy (USAID) Aşgabat gazna biržasy (AGB) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde çarşenbe güni hünärmenlere dellalçylyk hyzmatlary we gymmatly kagyzlaryň emissiýasy boýunça okuwlary üstünlikli tamamlandyklary üçin şahadatnamalary gowşurdy.

Okuwlar aprel-iýun aýlary aralygynda geçirildi. Iki okuw tapgyry dellallar üçin, ikisi hem emitent kompaniýalary üçin geçirildi. Şu okuwlaryň netijesinde AGB gymmat bahaly kagyzlar boýunça täze 25 sany hususy dellallary taýýarlady we korporatiw obligasiýalaryň we paýnamalaryň emissiýasy arkaly maliýe serişdelerini çekmek hakynda 45 sany türkmen kompaniýalaryň eýelerine we menejerlerine maglumat ýetirdi. Bu barada USAID metbugat beýanatynda mälim etdi.

Şahadatnamalar gowşurylanda ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasynyň (USAID) Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze okuwlaryň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, “Siziň ähliňiz bu ugurda ilkinjisiňiz” diýdi.

“Işiň täze görnüşlerini we maliýe serişdelerini çekmegiň usullaryny synap görmäge bolan hyjuwyňyzyň netijesinde siz ykdysadyýeti öňe tarap ilerledersiňiz” diýip, Nino Nadiradze sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle hem çäräniň dowamynda USAID-yň we AGB-nyň hünärmenleriniň Türkmenistanda gazna bazarynyň infrastrukturasyny ösdürmek we ýurduň ykdysadyýetini ilerletmek maksady bilen uzak möhletli maliýe serişdelerini çekmegiň ähmiýeti barada tanyşdyryş çäreleri guraldy.

AGB 2016-njy ýylda döredilip, ol ýurtda maýa bazarlaryny emele getirmekde öňdebaryjy edaradyr. USAID we AGB durnukly we netijeli hereket edýän gazna bazaryny döretmek ugrunda ýol kartanyň üstünde işleýärler.

Suratlar: USAID

2022