Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Aşgabatda geçirilen sammitde Beýanata gol çekdiler

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Aşgabatda geçirilen sammitde Beýanata gol çekdiler
Hazarýaka döwletleriniň Prezidentleriniň duşuşygy, 2022-nji ýylyň 29-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Hazarýaka döwletleriniň – Türkmeniatanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Prezidentleri çarşenbe güni Aşgabat şäherinde geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça Beýanat kabul etdiler.

Sammite Hazar “bäşliginiň” döwlet Baştutanlary ‒ Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdy.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary çäkli görnüşde duşuşyklary geçirdiler, şeýle-de wekiliýetleriň giňeldilen düzüminde Hazar deňzinde dürli pudakda hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara hem-de sebitiň gün tertibinde duran taraplaryň ählisi üçin bähbitli wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Jemleýji resminama laýyklykda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary sebitiň baýlyklaryny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga ylalaşdylar.

Prezidentler Hazar deňzinde birnäçe ýörelgeleri, ýagny Hazar deňzini parahatçylykly maksatlar üçin ulanmagy, ony parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk meýdanyna öwürmegi, Hazar deňzine degişli ähli meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözmegi tassykladylar.

Altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini hem geçirdiler.

Indiki Hazar sammiti ylalaşylan wagtda Eýranda geçiriler.

Suratlar: Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy, RIA Nowosti

2022