Azyk we alkagolsyz içgileriň önümçiligi bilen meşgullanýan bäş sany türkmen kompaniýasy Türkiýedäki “F Stambul” halkara azyk senagaty sergisine gatnaşýar.
“F Stambul” – iýmit, alkagolsyz içgiler, gaýtadan işlemek we gaplamak sergisi 5-7-nji iýul aralygynda Stambulyň Ýeşilkoý köçesindäki Stambul Ekspo merkezinde geçirilýär.
Şu ýylky sergi 300-den gowrak sergä gatnaşyjylary we 6 müň sarp edijileri özünde ýygnady. Sergini gurnaýjylaryň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, türk kompaniýalary bilen bir hatarda 20-den gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan gelen kärhanalar öz önümlerini we çözgütlerini şu ýylky sergide görkezýärler.
“Bold” we “Bulvar” alkagolsyz içgileriniň öndürijisi “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanda agyz suwy we gazly içgiler bazaryndaky öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan “Arçalyk” kärhanasy, “Joş” we “Eçil” haryt nyşanly miwe şireleriniň öndürijisi “Parahat” hususy kärhanasy hem-de beýleki birnäçe alkagolsyz içgileri we azyk önümlerini öndürijiler bu halkara sergide öz harytlary bilen tanyşdyrýarlar.
Şeýle-de konditer öndürijisi “Kilwan” we konserwirlenen önüm öndüriji “Noş” hem “F Stambulda” halkara alyjylar üçin öz önümlerini görkezýärler.
“F Stambul” ýaly halkara sergiler öndürijileri, eksportçylary, importçylary, lomaý satyjylary we distribýutorlary birleşdirip, täze söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berýär.