Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana döwlet sapary bilen bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana döwlet sapary bilen bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýowyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine döwlet sapary bilen bardy.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar berşine görä, Döwlet Baştutanymyzy Daşkent halkara howa menzilinde Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow, Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Wladimir Norow we Daşkent şäheriniň häkimi Jahongir Artykhojaýew garşy aldylar.

Soňra türkmen wekiliýetiniň awtoulag kerweni “Yangi Uzbekiston” seýilgähine tarap ugrady we ol ýerde Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Iki günlük saparyň dowamynda iki ýurdyň döwlet Baştutanlary türkmen-özbek strategiki gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirerler.

Gepleşikleriň dowamynda özara söwdany ösdürmek, senagat hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ulag we üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak, suw pudagynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, sebitara gatnaşyklary güýçlendirmek we dowam etdirmek ýaly esasy ugurlarda özara gatnaşyklaryň geljegine serediler hem-de medeni-ynsanperwer alyş-çalyş maksatnamalaryna üns berler.

Sammitiň jemlerinde bilelikdäki beýannamanyň we ikitaraplaýyn resminamalar toplumynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Oliý majlisinde duşuşyk geçirmegi we Samarkand şäheriniň gözel ýerlerine baryp görmegi meýilleşdirýär.

Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

2022